Ukrainadan Polşa geçen ukrainalylaryň sany 9,5 million adamdan geçdi

Ukrainadan Polşa geçen ukrainaly bosgunlaryň sany şu gün 9,5 million adamdan geçdi

1939600
Ukrainadan Polşa geçen ukrainalylaryň sany 9,5 million adamdan geçdi

Polşanyň Serhet goragçylar gullugynyň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Ukraina-Russiýa söweşiniň 24-nji fewralda başlamagyndan bäri Ukrainadan Polşa geçen bosgunlaryň sanynyň artmaga dowam edýändigi habar berildi. 

Polşa Ukrainadan düýn 22 müň 700 adamyň geçendigi bellenen beýanatda: "Söweşiň başlamagyndan bäri Ukrainadan Polşa geçen adamlaryň sany 9 million 510 müň adama ýetdi" diýip mälim edildi. 

Beýanatda Polşadan çykan ukrainalylaryň sanynyň bolsa 7 million 660 müň adama ýetendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar