Pakistanda metjitde guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 28 adama ýetdi

Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatynda metjitde guralan kamikaze hüjüminde aralarynda polisiýa işgärleri hem bolan jemi 28 adam ýogaldy

1939718
Pakistanda metjitde guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 28 adama ýetdi

Milli metbugatda berilen habara görä, şäheriň Polis Lines etrabynda metjitde öýle namazy okalýarka kamikaze hüjümi guraldy. 

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä aralarynda polisiýa işgärleri hem bolan jemi 28 adamyň ýogalandygy, 150-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy habar berildi. 

Resmiler ýaralanan 10 adamyň saglyk ýagdaýlarynyň tankydydygyny aýan etdiler. 

Sosial mediada berilen materiallarda metjidiň agramly böleginiň partlama sebäpli ýumrulandygyny görüp bolýar. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

Emma Pakistandaky Taliban soňky wagtlarda hüjümlerini artdyrypdy. 

Pakistandaky Taliban geçen ýylyň 28-nji noýabrynda sosial mediadan 10-njy maýda resmi Yslamabad bilen başladylan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň ýatyrylandygyny we agzalaryna ýurt derejesinde howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümler guramak barada buýruk beripdi. 

Pakistan Pakistandaky Taliban guramasyny terror guramasy hökmünde kabul edýär. 

Merkezi Yslamabad şäherinde ýerleşýän Howpsuzlyk işleri we derňew merkezi tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä Pakistanda geçen ýyl guralan 506 aýry terrorçylykly hüjümde 290-y howpsuzlyk gullukçysy, 311-i asuda ilatdan jemi 601 adam ýogalypdy, 741 adam bolsa ýaralanypdy. 

Pakistanda 2022-nji ýylda terrorçylykly hüjümler 2021-nji ýyla garanyňda 15 göterim artypdy. 



Degişli Habarlar