Jonson Putiniň Özüne Raketaly Hüjüm Bilen Hemle Atandygyny Aýtdy
Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Boris Jonson Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň fewral aýynda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň öň ýanynda özüne “raketaly hüjüm” bilen hemle atandygyny beýan etdi.

“BBJ-niň” taýýarlan dokumental filminde Putiniň daşary ýurtlaryň liderleri bilenn geçiren gepleşikleri seljerilýär.
Dokumental filmde Jonson bilen Putiniň telefon arkaly söhbetdeşligi hakynda giňişleýin maglumat berilýär.
Jonson fewral aýynda Putin bilen “innän uzak” dowam eden telefon söhbetdeşliginde Ukrainany basyp almaklarynyň “gutulsyz apat” boljakdygy aýtmatyndan soň hemle atandygyny beýan etdi.
Ukrainany basyp almaklarynyň günbataryň sanksiýalaryna sebäp boljakdygyny we NATO-nuň Russiýa serhedine has köp goşun ornaşdyrjakdygyny Putine aýdandygyny nygtan Jonson, Ukrainanyň “ýakyn gelejekde” NATO agza bolmajakdygyny aýdyp, Putiniň harby operasiýadan el çekdirmäge synanşandygyny aýtdy.
Putiniň özüne “raketa hüjümi” bilen hemle atandygyny mälim eden Jonson; “Bir ýerde maňa hemle atdy we “Boris, seniň göwnüňe değmek islemeýärin, emma ol raketa bilen birnäçe minut dowam eder” diýdi, frazasyny ulandy.
Jonson; “Emma sesiniň arkaýynlygyndan we perwaýsyzlygyndan, onun gepleşiklere ugrukdyrma tagallalaryma göwniýetmezçilik edýändigini duýdum” diýdi.
Degişli Habarlar

Owganystanda Mekdebe Granat Atyldy
Hüjümde iki okuwçynyň ýogalandygyny aýdan Halimi, 4 okuwçynyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa habar berdi.