Eýrandaky ýer titremede ýogalanlaryň sany artdy
Ýer titremäniň zyýan ýetiren sebitdäki 70 aýry obada ynsanperwer kömek işleriniň dowam edýändigi aýan edildi

Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherinde birnäçe gün ozal bolan 5,8 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 3 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 973 adama ýetdi.
Pars habarlar agentligine beýannama beren Hoý etrabynyň häkimi Zebihullah Kazymi ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 3 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň başlygy Müjteba Halidi hem ýaralananlaryň sanynyň 1000 adama golaýlandygyny mälim etdi.
Müjteba Halidi: "Hoý şäherindäki ýer titremede häzirki wagta çenli 973 adam ýaralanyp, Günbatar Azerbaýjan welaýatyndaky hassahanalara ýüz tutdylar" diýip habar berdi.
Ýer titremäniň zyýan ýetiren sebitdäki 70 aýry obada ynsanperwer kömek işleriniň dowam edýändigi aýan edildi.
Degişli Habarlar

Türkiýe Bilen Russiýanyň Tebigy Gaz Merkezi Bolmagy Üçin Edilýän Hyzmatdaşlyk Dowam Eder
Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.