Eýrandaky hüjümleri Ysraýylyň gurandygy öňe sürüldi

"The Wall Street Journal" gazedi Eýrana degişli goranmak desgalaryna uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümleri Ysraýylyň gurandygyny öňe sürdi

1939450
Eýrandaky hüjümleri Ysraýylyň gurandygy öňe sürüldi

Gazediň ABŞ-nyň resmilerine esaslanyp beren habaryna görä, Ysraýyl Eýranyň Yspyhan şäherinde Eýranyň Älem derňew merkezine degişli bir desganyň golaýyndaky ok-däri fabrigini uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana alyp, hüjüm gurady. 

Eýranly resmiler bolsa howa goranyş ulgamlarynyň ok-däri fabrigini nyşana alan hüjüm synanyşygyny inkär edýändigini we 2 uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigini, 1-iniň bolsa od açylyp ýere gaçyrylandygyny beýan etdiler. 

Eýran tarapy uçarmansyz howa ulaglarynyň partlamagynyň netijesinde fabrigiň üçegine kiçiräk zyýan ýetendigini bellediler. Yspyhan welaýatynyň gubernatorlygy partlamanyň bolandygyny tassyklady, adam pidalarynyň çekilmändigini beýan etdi. 

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bolsa hüjümi gorkaklyk bilen guralan hüjüm hökmünde häsýetlendirip: "Bular ýaly görnüşli aksiýalar hünärmenlerimiziň parahatçylykly ýadro işler babatyndaky tutanýerliligine we niýetine täsir ýetirmez" diýip aýtdy. 

Eýranyň Mejlisiniň Yspyhan welaýatynyň deputaty Hüseýin Mirzai, düýn agşam Yspyhan şäheriniň howa giňişliginde hasaba alynan uçarmansyz howa ulaglarynyň Ysraýyla degişlidigini öňe sürüpdi. 

Beýleki tarapdan ady agzalan hüjümiň 2009-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli Eýrana garşy operasiýalaryň geçirilmegine rugsat beren Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky täze aşa sag koalisiýanyň hökümediniň öňbaşçylygynda amala aşyrylan ilkinji hüjüm hökmünde aýan edildi. 

Mundan başgada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Eýran we beýleki sebitleýin meseleler babatynda ABŞ-Ysraýyl gepleşiklerini dowam etdirmek üçin şu gün Ysraýyla sapar guramagy meýilleşdirilýär. 


Etiketkalar: #Eýran , #hüjüm , #Ysraýyl , #desga

Degişli Habarlar