ABŞ Wagneri Halkara Jenaýat Guramasy Diýip Yglan Etdi
ABŞ rus hakynatutma harby topary “Wagneri” halkara jenaýat guramasy diýip yglan etdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi bilen Döwlet sekretarlygy goşmaça sanksiýa girizmek hakynda täze kararlar kabul etdi.
Karara laýyklykda halkara jenaýat guramasy diýip yglan edilen “Wagner” topary bilen aragatnaşyk edýän adamlar we guramalar sanksiýa sanawyna goşuldy. “Wagner” Russiýanyň Ukrainadaky söweşine goldaw berýänlikde günäkärlenýär.
Gazna ministrligi “Wagnere” asuda ilatyň nyşana alynmagy we jenaýata goşulyşandygy sebäpli goşmaça sanksiýa goýulandygyny habar berdi.
Tarifsiz howaýoly firmasy “Green Light Moskow” bolsa “Wagner” topary tarapyndan fronta esger getirmäge goşant goşandygy üçin sanawa goşuldy.
“Wagner” toparynyň esasanda Afrika materiginde güýçli pozisiýa eýelemegini isleýenä guramalar hem sanksiýa sanawyna girizildi.
Degişli Habarlar

Jo Baýden Musulmanlaryň Oraz Aýyny Gutlady
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden musulmanlaryň Oraz aýyny gutlady.