Ispaniýada buthanalarda guralan hüjümlerde 1 adam ýogaldy

Ispaniýanyň günortasyndaky Kadisiň Alhesiras etrabynda, 2 aýry buthanada çapgy bilen hüjüm guran hüjümçi 1 ruhanyny öldürdi, 4 adamy bolsa ýaralady

1938136
Ispaniýada buthanalarda guralan hüjümlerde 1 adam ýogaldy

Ispaniýanyň metbugatynda berilen habarlarda, Alhesiras etrabynda düýn agşam 19:30-da 2 aýry buthana çapgy bilen hüjüm guran 1 hüjümçiniň 1 ruhanyny öldürendigi, azyndan 4 adamy bolsa ýaralandygy mälim edildi. 

Alhesiras etrabynyň merkezindäki iň uly buthana bolan Nuestra Senora de la Palma buthanasynyň ruhanysy Diyego Walensiýanyň hüjümde ýogalandygy habar berildi. Şaýatlar jedelleşikden soň ruhanyny çapgy bilen öldürendigini beýan etdiler. 

Elinde çapgy bilen San Isidro etrapçasynda ýöreýän we başga bir buthana hem hüjüm guran adamyň ol ýerde işleýän ruhany bilen 3 adamy ýaralandygy aýan edildi. 

Ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kanagatlanarlydygy aýan edildi. 

Ispaniýanyň döwlet telewideniýesi RTVE kanaly hüjümçiniň 25 ýaşynda asly marokkoly bolan erkekdigini we howpsuzlyk gullukçylary tarapyndan saklanandygyny mälim etdi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işini başladan prokuroryň terrorçylykly hüjümiň üstünde durýandygy beýan edildi. 


Etiketkalar: #çapgy , #ruhany , #buthana , #Ispaniýa

Degişli Habarlar