Şwesiýanyň Premýer ministr meçew berijileri günäkärledi

Şwesiýanyň Premýer ministr Ulf Kristersson meçew berijileriň Şwesiýanyň NATO agza bolmagyna päsgel bermäge synanyşýandygyny aýtdy

1937477
Şwesiýanyň Premýer ministr meçew berijileri günäkärledi

Şwesiýanyň Premýer ministr Ulf Kristersson, Daşary işler ministri Tobias Billstrem we Goranmak ministri Pal Jonson bilen ýurduň paýtagty Stokgolm şäherinde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Şwesiýanyň II Jaharn urşundan (1939-1945) soň iň uly howpsuzlyk meselesini başyndan geçirýändigini aýdan Ulf Kristersson: "Şwesiýanyň NATO agza bolmagynyň nähili derejede möhümdigine käbirleri göz ýetirmeýär. Meçew berijiler Şwesiýanyň agza bolmagyna päsgel bermäge synanyşýar. Türkiye bilen ýaňadandan işleýän bir diýaloga gaýdyp gelmek isleýäris. Türkiye öz kararlaryny özi berýär, oňa hormat goýmaga mejburdyrys, şu tapgyry köşeşdirmek isleýäris" diýip habar berdi. 

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem bolsa şenbe güni Türkiyäniň Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň öňünde daniýaly aşa sagçy Berk ugur partiýasynyň lideri Rasmus Paludan tarapyndan Gurhanyň ýakylmagy bilen bagly: "Kitaplaryň ýakylmagynyň örän garaňky bir taryhy bardyr. Ony nygtap geçmek, Türkiyä ýaranmaga synanyşmak däldir. Türkiyede we protestleriň geçirilen Owganystan we Pakistan ýaly ýurtlarda berk garşylyk görkezildi. Sosial mediada Şwesiýanyň önümleriniň boýkot edilmegini isleýän beýannamalar artmaga başlady. Hökümet ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýär" diýip mälim etdi. 

Şwesiýanyň Goranmak ministri Pal Jonson hem Şwesiýanyň NATO agza bolmagy bilen tagallalaryny dowam etdirjekdigini we onuň ýurduň howpsuzlygyna köp peýdasynyň boljakdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar