Hytaýda 54 Ýylyň İň Sowuk Güni Başdan Geçirildi

Hytaýyň Geilongžiang welaýatynyň Mohe şäherinde howanyň tempraturasy minus 53 derejä çenli aşaklap, soňky 54 ýylyň iň sowuk güni başdan geçirildi.

1936929
Hytaýda 54 Ýylyň İň Sowuk Güni Başdan Geçirildi

“BBJ-niň” habar bermegine gröä Mohede howanyň tempraturasy 22-nji ýanwarda sagat 07.00-da -53 gradus boldy.

Ol, Mohede tempraturanyň -52,3 gradusa düşen ýyly bolan 1969-njy ýyldan bäri iň sowuk howa diýlip, bellige alyndy.

Hytaýyň in sowuk sebiti we ýurduň Demirgazyk polýusy atlandyrylýan Mohede gyş pasly 8 aý dowam edýär.

Ýurduň gyşky syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Mohe, ýylyň dowamynda syýahatçy kabul edýär.



Degişli Habarlar