Koreýada Aşa Sowuk Howa Höküm Sürýär
Agyr gyş şertleri gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.
1937260

Günorta Koreýada aşa sowuk howa höküm sürýär.
Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, paýtagt Seulda howanyň ýylylygy -25 gradusa, ýurduň demirgazygynda bolsa-39 gradusa çenli aşaklady.
Agyr gyş şertleri gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.
Ýurtda agyr gyş şertleri sebäpli 466 uçar sapary bes edildi.
Gury ýer we deňiz gatnawynda uly bökdençlikler ýüze çykdy.
Demirgazyk Koreýada bolsa ýolbaşçylar, agyr gyş şertleri sebäpli halka has ünsli bolmaklary üçin çagyryş berdi.
Ýurduň demirgazygynda howanyň ýylylygy -30 graduda çenli aşaklady.