Eýran ÝP-niň Kararyna Reaksiýa Bildirdi

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahiýan Ýewropa parlamentinde kabul edilen we Ynkylap goragçylary goşunynyň “terror” sanawyna goşulmagyny talap edýän taslamanyň netijelerinin “Ýewropa üçin gymmat düşjekdigini” aýtdy.

1937178
Eýran ÝP-niň Kararyna Reaksiýa Bildirdi

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň beýan etmegine görä Abdullahiýan Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrleriň derejesindäki 26-njy maslahatynda çykyş etdi.

ÝP-de kabul edilen we Ynkylap goragçylary goşunynyň “terror” sanawyna goşulmagyny talap edýän taslama reaksiýa bildiren Abdullahiýan; “Şübhesiz Ýewropa üçin şeýle emosional aksiýalaryň netijeleri gymmata düşer. Şol sebäpli dogry ýol; diplomatiýa, netijeli aragatnaşyk we rasionalizme gönükmeklikdir” diýdi.

Ýewropa Parlamenti 19-njy ýanwarda ÝB tarapyndan Eýrana goýulan sanksiýaryň geňeltmek, Eýranyň lideri Aýatulla Ali Hamaneýe we Prezident Ebrahim Raisä çäklendirme goýmak, Ynkylap goragçylary goşunynyň ÝB-niň terror sanawyna goşulmagy hakyndaky talaplary öz içine alýan, emma kanuny hökmi bolmadyk karar taslamasyny kabul edipdi.



Degişli Habarlar