Eýran sanksiýalara garşylyk görkeziljekdigini habar berdi

Eýran Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we Beýik Britaniýa tarapyndan Eýranyň käbir raýatlaryna we guramadyr-edaralaryna garşy girizen sanksiýalaryna garşylyk görkeziljekdigini habar berdi

1937036
Eýran sanksiýalara garşylyk görkeziljekdigini habar berdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habara görä, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasyr Kenani, ÝB-niň we Beýik Britaniýanyň Tährana garşy girizen sanksiýalar barada beýannama berdi. 

Şol sanksiýalary ýazgarýandyklaryny aýdan Kenani: "Ýewropa Bileleşiginiň we Beýik Britaniýanyň şol hereketleri, Eýran hakykatlaryna doly ýagdaýda göz ýetirmek babatyndaky akyl ýetmezçilikleri bilen birlikde Eýranyň abraýy bilen akyllaryndaky baglanyşykly bulam-bujarlygynyň alamatydyr" diýip habar berdi.

Kenani: "Eýran şol şowsuz syýasatlara garşylyk görkezmek hukugyny özünde saklaýar we ýakyn wagtda Ýewropa Bileleşigindäki we Beýik Britaniýadaky adam hukuklaryny düzgün bozujylaryna we terrory goldaýanlara garşy täze bir sanksiýa sanawyny beýan eder" diýip mälim etdi. 

ÝB ýurtlary Eýranda Mahsa Emininiň sentýabr aýynda göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalmagyndan soň başlan protestlerdäki rollary sebäpli düýn Eýranyň 18 raýatyny we 19 guramadyr-edarasyny sanksiýa sanawyna alypdy. 

Beýik Britaniýa hem protestleriň güýç bilen ýatyrylmagyndaky adam hukuklarynyň düzgün bozmalary we içalylyk bilen günäkärlenen Eýranyň we Beýik Britaniýanyň raýaty bolan Ali Ryza Ekberiniň asylyp öldürilmegi sebäpli, Eýranyň käbir resmilerini we guramadyr-edaralaryny sanksiýa sanawyna alandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar