ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýene-de bir ýaragly hüjümler guraldy

ABŞ-da täze ýylyň ilkinji 3 hepdesinde 38 aýry gezek köpçülikleýin ýaragly hüjümler guraldy

1936928
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýene-de bir ýaragly hüjümler guraldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy. 

Hüjümler Kaliforniýa ştatynyň Half Mun Beý şäherinde 2 aýry sebitde guraldy. 

Ilki bilen bir fermany nyşana alan hüjümçi ol ýerde 4 adamy, ondan soň bolsa fermanyň golaýynda ýene-de 3 adamy öldürdi. 

67 ýaşyndaky Zhao Çunlidigi anyklanan hüjümçi polisiýa işgärleri tarapyndan awtoduralgada ulagynyň içinde bolan mahaly saklandy, hüjümlerde ulanan ýarag hem ulagda tapyldy. 

Polisiýa gullugy hüjümçiniň fermada işleýän bolup biljekdigini beýan etdi. 

ABŞ-da täze ýylyň ilkinji 3 hepdesinde 38 aýry gezek köpçülikleýin ýaragly hüjümler guraldy. 


Etiketkalar: #ýaragly hüjüm , #ABŞ

Degişli Habarlar