Owganystanda epidemiýadygy güman edilýän kesel sebäpli ýogalýanlaryň sany artýar

Owganystanda epidemiýadygy güman edilýän kesel sebäpli ýogalanlaryň sany 21 adama ýetdi

1936162
Owganystanda epidemiýadygy güman edilýän kesel sebäpli ýogalýanlaryň sany artýar

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda epidemiýadygy güman edilýän kesel sebäpli ýogalanlaryň sany 21 adama ýetdi.

Badahşan welaýatynyň ýerli resmileri, Wahan etrabynyň Pamir sebitinde saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri tarapyndan hasaba alynan we epidemiýadygy şübhe edilýän keseliň çalt depginler bilen ýaýraýandygyny mälim etdiler. 

Soňky 2 hepdede şol kesel bilen kesellän 21 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, keseliň anyklanmagy üçin işleriň geçirilýändigini habar berdiler. 

Beýleki tarapdan Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň Saglygy goraýyş ministrligi sebite saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň Täjigistanyň üsti bilen barandyklaryny aýan etdi. 

Badahşan welaýatynyň Hytaý, Pakistan we Täjigistan serhedinde ýerleşýän Pamir sebitinde Owganystanyň raýaty bolan gyrgyzlar ýaşaýar. 



Degişli Habarlar