“Ramştaýyn Maslahatyny Güýjümize Güýç Goşar”

Zelenskiý, düýn Germaniýada Ramştaýyn howa bazasynda geçirlen Ukraina maslahaty hakynda beýannama berdi.

1935986
“Ramştaýyn Maslahatyny Güýjümize Güýç Goşar”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, 24-nji fewraldan bäri Russiýa garşy dowam edýän söweşde Ukrain güýçlerine döwrebap tanklaryň gerekdigini belledi.

Zelenskiý, düýn Germaniýada Ramştaýyn howa bazasynda geçirlen Ukraina maslahaty hakynda beýannama berdi.

Maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşandygyny ýatladan Zelenskiý, “Ramştaýyn maslahatynyň güýjümize güýç goşjakdygyny aýdyp bileris” diýdi.

Hyzmatdaşlarynyň Ukraina goldaw bermek meselesinde tutanýerlidiklerini nygtan Zelenskiý “Bize döwrebap tanklaryň berilmegi üçin tagalla ederis”diýip belledi.

Hyzmatdaş ýurtlaryň berýän ýarag kömekleri netijesinde ukrain goşunynyň mümkinçiliginiň gün saýyn artýandygyny aýdan Zelenskiý, ýurduna berilýän kömekler üçin sagbolsun aýtdy.

Ukraina berilýän ýarag kömeginiň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtan Zelenskiý “Territoriamyzyň erkinligi üçin bize uzak aralykly raketalar gerek” diýdi.

 



Degişli Habarlar