Ýewropaly Liderler Ukraina Gynanç Bildirdi

Ukrainada bolan dik uçar heläkçiliginde Ukrainanyň İçeri işler ministri Denis Monastyrskiý we orunbasary bilen birlikde 18 adam ýogalypdy.

1934782
Ýewropaly Liderler Ukraina Gynanç Bildirdi

Ýewropa ýurtlarynyň liderleri we daşary işler ministrleri, Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň golaýynda heläkçilige uçran dikuçarda 18 adamyň ýogalmagy sebäpli Ukraina gynanç bildirdi.

ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel, Twitterden beren habarnamasynda, “Dikuçar heläkçiligi sebäpli Ukraina bilen birlikde ýas tutýarys. Ministr Monastirskiý ÝB-niň ýakyn dostudy. Heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna, Prezident Zelenskä, Premýer-ministr Denis Şimala we ukrain halkyna uly gynanç bildirýäris” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen hem “Dikuçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna we ukrain halkyna duýgudaşlyk bildirýäris. Biz siziň bilen birlikde ýas tutýarys” diýildi.

Beýleki tarapdan Germaniýanyň, Polşanyň, Awstriýanyň, Gollandiýanyň, Italiýanyň, Horwatiýanyň, Litwanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Kosowanyň we Şweýsariýanyň ýolbaşçylary hem Ukraina gynanç bildirdi.

 Ukrainada bolan dik uçar heläkçiliginde Ukrainanyň Içeri işler ministri Denis Monastyrskiý we orunbasary bilen birlikde 18 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar