Putin Bilen Raisi Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Wladimir Putin bilen Seýed Ebrahim Raisi Siriýa meselesi hakynda pikir alyşdy.

1935355
Putin Bilen Raisi Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezdienti Seýed Ebrahim Raisi Siriýa meselesi hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin bilen Raisi telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde ulaglar we energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlyk bilen birlikde iki ýurdu ýakyndan gyzyklandyrýan aktual meseleler hakynda pikir alyşdy.

Siriýa meselesi hakynda hem pikir alyşan Putin bilen Raisi, Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin Astana formatyndaky gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar