Peskow Ukraina Talaplary Kabul Eden Halatynda Çaknyşyklaryň Bes Ediljekdigini Aýtdy
Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Ukraina talaplaryny näçe ir kabul etse, çaknyşyklaryň şonça ir gutarjakdyny beýan etdi.

Patagt Moskwada žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Peskow, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň Russiýanyň Prezidenti Putiniň ýaşaýandygyna şübheli garaýandygy barasyndaky beýanatyna reaksiýa bildirdi.
“Zelenskiýniň psihiki taýdan Russiýanyň we Putiniň ýok bolmagyny isleýändigi aýandyr” diýen Peskow, resi Kiýebiň Russiýanyň we Putiniň bardygyny kabul etmelidigini nygtady.
Peskow; “Ukrainanň hökümeti, Russiýanyň we Putiniň bardygyna, bar boljakdygyna iru-giç rus garşydaşlygyndan el çekmeli boljakdygyna näçe ir düşünse, ähli dartgynlyk şonça ir gutarar we ukrain halky Kiýewdäki hökümetiň başladan bu tragediýadan soň gysga möhletde dikeldiş işlerine başlar” diýdi.
Degişli Habarlar
Russiýa Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrar
Russiýa Belarussiýanyň territoriýasynyň çäginde ýadro ýarag ornaşdyrar

Ispaniýada tokaý ýangynlary başdan geçirilýär
Ispaniýada şu ýylyň ilkinji uly tokaý ýangynyna garşy göreş alynyp barylýar