Ukrainanyň Prezident diwanynyň geňeşçisi Oleksiý Arestowiç wezipesinden çekildi
14-nji ýanwarda Ukrainanyň Dnepr şäherinde 9 gatly bina raketa gaçypdy, hadysada asuda ilatdan 40-dan gowrak adam ýogalypdy

Ukrainanyň Prezident diwanynyň geňeşçisi Oleksiý Arestowiç, Dnepr şäherindäki binalaryň birine raketa degmeginiň "Ukrainanyň howa goranyş güýçleriniň ýalňyşlygy sebäpli bolan bolup biljekdigi" baradaky beýanaty sebäpli wezipesinden çekilendigini habar berdi.
Telegram hasabyndan: "Wezipämden çekilmek baradaky arzamy ýazdym. Medeniýetli ýagdaýda özüňi alyp barşyň mysalyny görkezmek isleýärin. Esasy ýalňyşlyk wezipeden çekilmegi talap edýär" diýip aýdan Arestowiç, Dnepr şäheriniň ýaşaýjylaryndan we Ukrainanyň halkyndan ötünç sorady.
14-nji ýanwarda Ukrainanyň Dnepr şäherinde 9 gatly bina raketa gaçypdy, hadysada asuda ilatdna 40-dan gowrak adam ýogalypdy.
Ukraina hüjümiň Russiýanyň goşuny tarapyndan guralandygyny beýan edipdi, Russiýa bolsa şol öňe sürmeleriň nädogrydygyny beýan etdi.
Arestowiç, gepleşikleriň birinde Dnepr şäherinde binalaryň birine raketa gaçmagynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamyndaky ýalňyşlykdan bolup biljekdigi barada beýannama beripdi.
Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Arestowiçiň beýannamasyny mysal görkezip, hüjümiň rus goşuny tarapyndan guralandygy baradaky günäkärlemeleri ret edipdi.
Degişli Habarlar

Fransiýada pyçakly hüjüm guraldy
Fransiýanyň Ansi şäherinde guralan pyçakly hüjümde 8-i çaga jemi 9 adam ýaralandy