Taýlantda nebit tankeri partlady

Taýlantda gämi ussahanalarynyň birinde ýanan nebit tankeriniň partlamagy netijesinde azyndan 8 işgäriň ýitendigi mälim edildi

1933750
Taýlantda nebit tankeri partlady

Bangkok Post gazediniň berýän habaryna görä, Kançanaburi welaýatynyň Muang sebitindäki gämi ussahanasynda abatlaýyş işleri geçirilen nebit tankeri ýanyp, partlady. 

Partlamanyň netijesinde wakanyň bolan ýerindäki 8 işgäriň ýitendigi aýan edildi. 

Resmiler ýangynyň söndürilendigini we işgärleri tapmak üçin gözleg işleriniň başladylandygyny habar berdiler. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #partlama , #tanker , #nebit , #Taýland

Degişli Habarlar