Nepalda ýere gaçan uçaryň gara gutulary tapyldy

Nepalda düýn ýere gaçan ýolagçy uçaryň gara gutulary tapyldy

1933117
Nepalda ýere gaçan uçaryň gara gutulary tapyldy

Resmiler 4-i ekipaž bolan 72 adamy daşaýan iki dwigatelli ATR 72 kysymly uçaryň gara gutusynyň we kokpitdäki ses ýazgy enjamynyň tapylandygyny we olaryň gowy ýagdaýdadygyny habar berdiler. 

Ýaramaz howa şertleri sebäpli ýere gaçandygy çak edilýän uçar heläkçiliginde häzirki wagta çenli 68 adamyň jesedi tapyldy. 

Pokhara sebitiniň Polisiýa gullugy, düýn ýekşenbe güni agşam düşmeginden soň arakesme berilen gözleg we halas ediş işleriniň ýaňadandan başladylandygyny mälim etdi. 

Ýurduň paýtagty Katmandu şäherinden Pokhara şäherine uçar saparyny amala aşyran ýolagçy uçaryň düzüminde Nepalyň 57 raýaty, Hindistanyň 5 raýaty, Russiýanyň 4 raýaty, Günorta Koreýanyň 2 raýaty bilen Argentina, Irlandiýa, Awstriýa we Fransiýa ýaly ýurtlaryň raýatlary bardy. 



Degişli Habarlar