KDR-daky hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy

Kongo Demokratik Respublikasyndaky hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy

1933091
KDR-daky hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy

Kongo Demokratik Respublikasynyň Kasindi şäherinde buthanalaryň birinde guralan bombaly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy. 

Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda Uganda döwletiniň serhediniň golaýynda ýerleşýän Kasindi  şäherindäki protestan buthanasynda dini dabara geçirilýän mahaly guralan bombaly hüjümde 5 adam ýogalypdy, 15 adam hem ýaralanypdy. 

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ sosial medianyň üsti bilen beren beýanaty bilen öz üstüne alypdy. 



Degişli Habarlar