Russiýanyň Ukrainanyň Dnepr şäherine guran hüjüminde ençeme adam ýogaldy

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Dnepr şäherine garşy guran raketaly hüjümlerinde 1-i çaga jemi 12 adam ýogaldy, 73 adam ýaralandy

1932740
Russiýanyň Ukrainanyň Dnepr şäherine guran hüjüminde ençeme adam ýogaldy

Ukrainanyň Döwlet Gyssagly kömek gullugyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň harby güýçleriniň Dnepr şäherine raketalar bilen hüjüm gurandygy habar berildi. 

Hüjümde binalaryň birinde uly weýrançylygyň emele gelendigi bellenen beýanatda, hüjümde 1-i çaga jemi 12 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Beýanatda raketaly hüjümde şeýle hem 73 adamyň ýaralanandygy bellenip, harabalyklaryň arasyndaky gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Ýaralanan adamlaryň 14-siniň çagalardan ybaratdygy beýan edildi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň harby güýçleriniň düýn agşam Dnepre guran hüjümine reaksiýa bildirdi. 

Hüjümiň netijesinde 9 gatly binanyň ýumrulandygyny aýdan Wladimir Zelenskiý, raketaly hüjümi terrorçylykly hüjüm hökmünde häsýetlendirdi. 

Hyzmatdaş ýurtlara Ukraina ýarag kömegini bermäge dowam etmäge çagyran Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň hüjümlerini diňe front liniýasyndaky göreş bilen duruzyp boljakdygyny beýan etdi. 

Zelenskiý, Russiýanyň goşunynyň düýn ýurduna garşy atan 30-a golaý raketanyň 20-siniň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Ýurduň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, şäheriň Dnepr etrapçasynda düýn irden partlamanyň sesleriniň eşidilendigini mälim etdi. 

Kiýew şäheriniň Holosiýiw etrapçasyna raketalaryň bölekleriniň gaçandygyny aýdan Kliçko, etrapçada adam ýitgileriniň çekilmändigini belledi. 

Ýurduň biri-birinden tapawutly ýerlerine guralan rus raketaly hüjümlerinde energetika infrastrukturalaryna hem zyýan ýetendigi üçin esasan hem Harkow we Kiýew sebitlerinde elektrik toklar kesildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Russiýa , #Ukraina , #Dnepr

Degişli Habarlar