Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Dnepr şäherine garşy guran raketaly hüjüminde ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi

1932836
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygynyň orunbasary Kirilo Timoşçenko Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň goşunynyň düýn Dnepr şäherindäki 9 gatly bina raketa bilen guran hüjüminde ýogalan asuda ilatyň sanynyň 20 adama ýetendigini mälim etdi. 

Kirilo Timoşçenko ýogalanlaryň arasynda 1 çaganyň hem bardygyny habar berdi. 

Harabalyklaryň aşagynda galan adamlary tapmak üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini Timoşçenko, şu gün irdene çenli 6 çaganyň harabalyklaryň aşagyndan çykarylandygy barada maglumat berdi. 

Timoşçenko, wakada 73 adamyň ýaralanandygyny, hüjüm guralan mahaly binada 400-e golaý adamyň bolandygyny mälim etdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň harby güýçleriniň düýn agşam Dnepre guran hüjümine reaksiýa bildirdi. 

Hüjümiň netijesinde 9 gatly binanyň ýumrulandygyny aýdan Wladimir Zelenskiý, raketaly hüjümi terrorçylykly hüjüm hökmünde häsýetlendirdi. 

Hyzmatdaş ýurtlara Ukraina ýarag kömegini bermäge dowam etmäge çagyran Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň hüjümlerini diňe front liniýasyndaky göreş bilen duruzyp boljakdygyny beýan etdi. 

Zelenskiý, Russiýanyň goşunynyň düýn ýurduna garşy atan 30-a golaý raketanyň 20-siniň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Ýurduň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, şäheriň Dnepr etrapçasynda düýn irden partlamanyň sesleriniň eşidilendigini mälim etdi. 

Kiýew şäheriniň Holosiýiw etrapçasyna raketalaryň bölekleriniň gaçandygyny aýdan Kliçko, etrapçada adam ýitgileriniň çekilmändigini belledi. 

Ýurduň biri-birinden tapawutly ýerlerine guralan rus raketaly hüjümlerinde energetika infrastrukturalaryna hem zyýan ýetendigi üçin esasan hem Harkow we Kiýew sebitlerinde elektrik toklar kesildi. 


Etiketkalar: #Dnepr , #hüjüm , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar