Hytaý Owganystandaky partlama reaksiýa bildirdi

Hytaý düýn Owganystanda 20 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen partlamada Hytaýyň wekiliýetiniň nyşana alynandygyny belledi

1931674
Hytaý Owganystandaky partlama reaksiýa bildirdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen beýanatda: "Hytaý şol hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýar we Owgan hökümetiniň Hytaýyň raýatlary bilen birlikde ähli ýurtlaryň raýatlaryny gorap biljekdigini umyt edýär" diýip bellendi. 

Düýn Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde Daşary işler ministrliginiň binasynyň öňünde partlama bolupdy. 

Talibanyň metbugat geňeşçisi hüjümde 20 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi. 

Partlamanyň bolan mahaly ministrligiň binasynda Hytaýyň wekiliýeti bilen gepleşikleriň geçirilýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar