Nigeriýada ýaragly adamlar ýolagçylary zamun aldylar

Nigeriýanyň Edo ştatynda otly duralgasyna hüjüm guran ýaragly adamlar köp sanda ýolagçyny zamun aldylar

1929560
Nigeriýada ýaragly adamlar ýolagçylary zamun aldylar

Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Çidi Nwabuzor şahsyýetleri entek anyklanyp bilinmedik eli ýaragly adamlaryň Igueben otly duralgasyna ýaragly hüjüm gurandyklaryny aýan etdi. 

Çidi Nwabuzor, otly duralgasynda töwerege od açan hüjümçileriň, Itakpe-Warri otlysyna garaşýan köp sandaky adamy zamun alandyklaryny habar berdi. 

Wakada näçe adamyň zamun alynandygy barada maglumat berilmedi. 

Nigeriýada paç üçin zamun alma hadysalary ýygy-ýygydan başdan geçirilýär. 

 



Degişli Habarlar