“Kramatorskda 600-den Gowrak Esgeriň Ýogalandygy Hakyndaky Habarlar Asylsyz”
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Kramatorskda guralan raketa hüjüminde ukrainaly 600-den gowrak esgeriň ýogalandygy öňe sürüpdi.

Ukrainanyň harby goşunynyň gündogar güýçleri toparynyň metbugat geňeşçisi Sergeý Çerewatyý, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Donesk sebitinde ýerleşýän Kramatorsk şäherinde guran raketa hüjüminde 600-den gowrak ukrainaly esgeriň ýogalandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.
Ukrainanyň habarlar gullugy “Ukrinformda” berlen habara görä, Çerewatyý, Russiýa Federassiýasynyň Goranmak ministrliginiň Doneskiň Kramatorsk şäherinde guralan rus hüjümleri hakynda beýannama berdi.
Rus goşunynyň şeýle uly göwrümli hüjüm guramak mümkinçiliginiň ýokdygyny aýdan Çerewatiý “Bu Russiýanyň Goranmak ministrliginiň, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň güýçli hüjüm ulgamlary bilen harby merkezlere, ammarlara we logistiki merkezlerine guran üstünlikli hüjümine garşy guralan operasiýadyr. Olaryň şeýle uly hüjüm guramak mümkinçiligi ýok” diýdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Kramatorskda guralan raketa hüjüminde ukrainaly 600-den gowrak esgeriň ýogalandygy öňe sürüpdi.
Degişli Habarlar

Ýaponiýanyň Premýer ministri Ukrainada saparda bolýar
Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde saparda bolýar

Ukrainanyň Goşunlary Bahmutda Rus Hüjümlerine Garşy Göreşýär
Ukrainanyň Baş ştaby rus güýçleriniň 4 raketa we 24 howa hüjümini gurandygyny beýan etdi.