Kowid-19 Howpy Dowam Edýär
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Kowid-19 howpunyň dowam edýändigini duýdurdy.
Gebreýesus guramanyň Ženewadaky merkezinde geçirilen metbugat ýygnagynda pandemiýanyň başlan ýyly bolan 2019-njy ýyla görä dünýäniň kiliniki bejergi usuly, sanjym we bejergiler taýdan has gowy şertlere eýedigine ünsi çekdi.
Geçen ýylyň esasy böleginde Kowid-19-a ýolukýanlaryň sanynyň azalandygyny ýatladan Gegreýesus, käbir kynçylyklara garamazdan sanjymlamanyň bütin dünýäde ýaýbaňlanandygyna ünsi çekdi.
Gebreýesus edilen öňegidişliklere garamazdan Kowid-19 howpunyň dowam edýändigini nygtap; “Bejergä, teste we sanjyma bolan elýeterlilikde henizem densizlikler bar. Şeýlelikde Kowid-19 umuman sağlyğymyz, ykdysadyýetimiz we halklarymyz üçin howply wirüs bolmagynda galýar. Mälim bolşuna görä her hepde 10 müňe barabar adam Kowi-19 sebäpli ýogalýar. Hakyky ýitginiň has ýokarydygy mälim edilýär” diýdi.
Tedros Adhanom Gebreýesus soňky hepdelerde esasanda gripp ýaly demalyş ýoly hassalyklarynyň ýaýran Demirgazyk Ýarym Şaryň ýyly sebitlerinde hassahana bolan ýüztutmalar sebäpli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeterlik hyzmat bermekde kynçylyk çekýändigi hakynda habarlaryň gelip gowuşýandygyna ünsi çekdi.
Degişli Habarlar
Russiýa, Ukrainadaky Uruşda “Ähli Şertlerden” Peýdalanjakdygyny Duýdurdy
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow beýannama berdi.