Somalilend Dartgynlaşýar

Çaknyşyklar sebäpli ýüzlerçe adam Soolyň merkezi Las Anody terk etdi.

1927992
Somalilend Dartgynlaşýar

Somaliden bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan eden Somalilend velaýatynda birnäçe günden bäri dovam edýän protest ýörişlerinde ve çaknyşyklarda azyndan 20 adam ýogaldy, ýüzlerçe adam bolsa öýüni terk etdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, çaknyşyklar sebäpli ýüzlerçe adam Soolyň merkezi Las Anody terk etdi.

Öýüni terk eden asuda ilat arassa agyz suvy ve azyk ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Somalilendiň Sool sebitinde şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan edilen jenaýatlardan soň halk geçen hepde hökümete garşylyk görkezmek üçin köçä çykypdy.

Hovpsyzlyk güýçleriniň asuda ilata od açmagy sebäpli köp sanly adam ýogaldypdy.

Somalilendiň Sool, Sanaag ve Aýn sebitlerinde ýaşaýan halk Somalilendiň bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan etmegine garşy durýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar