“Döwrebap Ýaraglary Öndürmäge Dowam Ederis”

Wladimir Putin, ýurdunyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin döwrebap ýaraglary öndürmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

1928051
“Döwrebap Ýaraglary Öndürmäge Dowam Ederis”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ýurdunyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin döwrebap ýaraglary öndürmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Putin, rus flodyna degişli “Admeral Gorşkow” fyrkadynyň wezipesine başlamagy mynasibetli geçirlen dabara wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Dabara Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen gäminiň kapytany Igor Krahmal hem gatnaşdy.

Fyrkadyň deňiz ýolagçylygyna şu gün başlajakdygyny nygtan Putin, “Gämi, deňi-taýy bolmadyk “Tsirkon” gipersonik raketa ulgamlary we döwrebap ýarag bilen gurşalan” diýdi.

Şol ýarag ulgamlarynyň dünýäde deňi-taýynyň ýokdygyny aýdan Putin, şuňa meňzeş ýaraglaryň Russiýany daşarky howplardan gorajakdygyny ýatlatdy.

Rus lideri Putin, “ Rus ýaragly güýçleriniň harby mümkinçiligini artdyrmaga, öňümizdäki ýyllarda Russiýanyň howpsyzlygyny üpjün etjek ýaraglary we harby enjamlary öndürmäge dowam ederis” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar