Awstriýadaky lyža merkezinde Germaniýanyň 2 raýaty ýogaldy

Syýahatçylaryň gyşky dynç alyş üçin Germaniýadan Awstriýa barandyklary aýan edildi

1925037
Awstriýadaky lyža merkezinde Germaniýanyň 2 raýaty ýogaldy

Awstriýanyň Tirol welaýatynyň Kitzbühel sebitiniň Waidring şäherçesindäki lyža merkezinde heläkçilige uçuran Germaniýanyň 2 raýaty ýogaldy. 

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, ýokary tizlik bilen taýan 17 ýaşyndaky 2 nemes syýahatçynyň, gözegçiliklerini ýitirip, zolagyň daşyndaky daşlary süsendikleri mälim edildi. 

Beýanatda lyža eňňidiniň takmynan 50 metr aşagynda ýerleşýän daşlary süsen nemes syýahatçylaryň agyr ýagdaýda ýaralanandygy, wakanyň bolan ýerine baran saglygy goraýyş edarasynyň işgärleriniň eden ähli tagallalaryna garamazdan halas edilip bilinmändigi habar berildi. 

Syýahatçylaryň gyşky dynç alyş üçin Germaniýadan Awstriýa barandyklary aýan edildi. 



Degişli Habarlar