Belgiýada Saklanan Grek Halk Deputatynyň Tussaglyk Möhleti 1 Aý Uzaldyldy

Belgiýada galplyk we gara pul aklamak boýunça geçirilen derňew işinde saklanan Ýewropa Parlamentiniň grek halk deputaty Ewa Kailiniň ýene-de bir aý tussaglykda saklanmagyna karar berildi.

1922767
Belgiýada Saklanan Grek Halk Deputatynyň Tussaglyk Möhleti 1 Aý Uzaldyldy

ÝP-niň başlygynyň ozalky orunbasary we grek halk deputaty Ewa Kaili gara pul aklamakda we galplyk etmekde günäkärlenýär.

Grek syýasatçysy Belgiýanyň paýtagty Brýusselde kazyýete çykaryldy.

Metbugata ýapyk geçirilen diňlenşigiň aklawçylary Kailiniň elektron gol gandaly dakylyp, kazyýet işiniň erkin dowam etmegini talap etdi.

Kailiniň derňew işinde kazyýet bilen işleşýändigi, para alandygy hakynda günäkärlemeleri doly ret edýändigi öňe sürüldi.

Kazyýet bolsa talaby kabul etmedi. Ewa Kailiniň tussaglyk möhleti 1 aý uzaldyldy.

Kailinin Gresiýanyň Paros adasynda ýerleşýän 700 inedördül metrlik ýeri elindn alyndy.

Grek mediasyndan çykan habarlarda Kailiniň we saklanan adamsy Françesko Giorginiň bilelikdäki bank hasabynyň hem çäklendirilendigi mälim edildi.

 



Degişli Habarlar