Peskow Zelenskiýniň ABŞ-na Saparyndan Oňyn Netijä Garaşmaýandyklaryny Aýtdy

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň ABŞ-na saparyndan oňyn netijä garaşmaýandyklaryny aýtdy.

1921967
Peskow Zelenskiýniň ABŞ-na Saparyndan Oňyn Netijä Garaşmaýandyklaryny Aýtdy

Peskow paýtagt Moskwada žurnalistleriň gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglaryna jogap beren Peskow; “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Doneskdäki ýagdaýyň iňňän agyrdygyny aýtdy. Russiýanyň Goranmak ministrligi hem ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin degişli çareleri görýär” diýdi.

Russiýanyň Zelenskiýniň ABŞ-na saparyndan oňyn netijä garaşyp-garaşmaýandyklary hakyndaky soraga jogap beren Peskow; “Hok” diýip, jogap berdi.

ABŞ-nyň Ukraina täze ýarag ugratmagyna reaksiýa bildiren Peskow; “Ýarag getirilmäge dowam edilýärkä getirilýän ýaraglaryň görnüşleri artýar. Bular elbetde çaknyşyklaryň hasam dartgynlaşmagyna sebäp bolýar we ol Ukraina üçin gowy däl” diýdi.



Degişli Habarlar