“Bahmut Şäheriniň Goralmagy Ähli Taraplaýn Diýseň Möhüm”
Zelenskiý, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 10 aýdan bäri dowam edýän söweşde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurdunda Russiýa garşy dowam edýän söweşde häzirlikçe Doneks sebitindäki front liniýasynda ýerleşýän Bahmut şäheriniň goralmagynyň özleri üçin diýseň möhümdigini belledi.
Zelenskiý, Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 10 aýdan bäri dowam edýän söweşde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.
Düýn harby ýolbaşçylar bilen duşuşandygyny we front liniýalarynyň ýagdaýy hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny aýdan Zelenskiý, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleriniň dowam edýändigini belledi.
Russiýanyň esasan Donesk sebitindäki Bahmut şäherini ele geçirmek üçin güýçli hüjümler guraýandygyna ünsi çeken Zelenskiý, “Bahmut ähli taraplaýn diýseň möhüm. Şäher gözegçiligimiz astynda, emma basybalyjylar şäheri haraba öwürmek üçin elinden geleni edýär” diýdi.
Rus güýçlerine garşy göreşiň dowam edýändigini ýatladan Zelenskiý, “Zaporožýede we Hersonda umuman alnanda günortada basybalyjylaryň mümkinçiligini tapgyrlaýyn azaldýarys” diýdi.
Harby ýolbaşçylar bilen Ukrainanyň Russiýa we Belarus bilen bolan serhetleriniň howpsyzlygy hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Zelenskiý, “Degişli çäreleri görýäris” diýdi.
Ukrainanyň tagallasy bilen gyş paslynda “Parahatçylyk üçin sammit” temasy bilen halkara konferensiýanyň geçirilmegi üçin işe girişendiklerini aýdan Zelenskiý, hyzmatdaş ýurtlaryň liderlerine ady agzalýan konferensiýa gatnaşmaklary üçin çagyryş berdi.
Degişli Habarlar

Birleşen Arap Emirlikleri Ysraýylly Ministre Reaksiýa Görkezdi
Besalel Jmotriç, “Palestin diýilýän halkyn ýokdygyny we muny Ak Tamyň hem bilmelidigini” aýdypdy.