Blinken Türkiýäniň Adalarynyň Ortadan Aýrylmagy Üçin Tagalla Edilýändigini Aýtdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Türkiýäniň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglylykda howpsuzlyk adalaryny gün tertibine getirendigini, şol adalary ortadan aýyrmak üçin uly tagalla edilýändigini aýtdy.

1916736
Blinken Türkiýäniň Adalarynyň Ortadan Aýrylmagy Üçin Tagalla Edilýändigini Aýtdy

Blinken Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Hawisto we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrýom bilen geçiren duşuşygyndan soň kardeşleri bilen bilelikde metbugat ýygnagyny gurady.

Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyga taýýardygyny beýan eden Blinken, Türkiýäniň adybir iki ýurdun agzalyk tapgyryny bökdeýändigi hakyndaky soraglara cogap berdi.

Mundan ozal başga ýurtlaryn NATO agzalyk tapgyrynyň adybir iki ýurduň agzalyk tapgyry ýaly depginli bolmandygyny we agzalyk tapgyrynyň neticeli dowam edýandigini aýdan Blinken; “Türkiýe bu möhletde möhüm howpsuzlyk aladalaryny beýan etdi. Tapgyr bolsa şol aladalary ortadan aýyrmak üçin neticeli we egilşiksiz dowam edýär. İki ýurt hem şol aladalary anyk başlangyçlar bilen ortadan aýyrmak üçin Türkiýe we NATO bilen utgaşykly hereket etmegiň hötdesinden geldi. Türkiýäniň gün tertibine getiren aladalaryny ortadan aýyrmak üçin iki ýurduň anyk başlangyçlar edendigini gördük. Şol sebäpli onuň dowam etcekdigine ynanýaryn. Tapgyr kadaly dowam edýär we ýakyn gelecekde olary agzalyga kabul ederis” diýdi.

ABŞ-nyň bu meselä näme sebäpde artykmaç goşulyşmaýandygy hakynda soraga cogap beren Blinken, onuň ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky özara mesele däldigini we ABŞ-nyň meseläni özara meselä öwürmecekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary agzalyga kabul edişliklerde alýansyň ähli agzalarynyň onuň bilen gyzyklanýandygyny we Türkiýäniň aladalarynyň ortadan aýrylmagy üçin goldaw berýändiklerini beýan etdi.

Blinken şeýle hem Türkiýäniň kanuny howpsuzlyk aladalarynyň bardygyny we oňa düşünýändiklerini aýtdy.

Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Hawisto bolsa ähli ýaranlaryň howpsuzlyk aladalaryna ünsli çemeleşýändiklerini beýan etdi.

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Billstrýom bolsa ýakyn gelecekde Ankara sapar guracakdygyny we Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýurdunda iş alyp barmagy bilen bagly adalalary hem-de ylalaşygyň talaplarynyň bercaý edilmegi hakynda pikir alyşcakdyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar