“Ýesir Çalşygynda Uly Rol Oýnan Türkiýä we Prezident Erdogana Minnetdarlyk Bildirýäris”

Zelenskiý, Stambulda geçirilýän TRT World Forum 2022-ä wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşyp çykyş etdi.

1917062
“Ýesir Çalşygynda Uly Rol Oýnan Türkiýä we Prezident Erdogana Minnetdarlyk Bildirýäris”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýesir çalşygynda uly rol oýnan Türkiýe we Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirýändiklerini aýtdy.

Zelenskiý, Stambulda geçirilýän TRT World Forum 2022-ä wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşyp çykyş etdi.

Zelenskiý, başdan geçirlen azyk krizisiniň, geçirlen gepleşiklerden soň Ukrainanyň Gara deňizdäki 3 portundan galla eksportunyň başlamagy bilen çözülendigini belledi.

Iýul aýynda gazanylan galla geçelgesi ylalaşygy netijesinde şu günki güne çenli 13 million tonnadan gowrak gallanyň 40 ýurda ýetirlendigini aýdan Zelenskiý “Ukrainanyň, Türkiýäniň we BMG-nyň tagallasy netijesinde açlyk howpuny ortadan aýyrýarys” diýdi.

Zelenskiý, galla krizisiniň çözülmeginde Türkiýäniň uly rol oýnandygyny belledi.

Ýurdunyň alyp barýan galla syýasatyna goldaw berlen halatynda ýoksul ýurtlara galla kömegini berip biljekdiklerini aýdan Zelenskiý, 80-den gowrak gäminiň garaşýandygyny ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýesir çalşygynda uly rol oýnan Türkiýe bilen Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirýändiklerine ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar