Türkiýäniň Howpsuzlyk Boýunça Aladalaryna Düşünýäris

Kaikkonen Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalaryna düşünýändiklerini we terrorizme garşy göreşmekde ygrarlydyklaryny aýtdy.

1916848
Türkiýäniň Howpsuzlyk Boýunça Aladalaryna Düşünýäris

Finlýandiýanyň Goranmak ministri Antti Kaikkonen Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalaryna düşünýändiklerini we terrorizme garşy göreşmekde ygrarlydyklaryny aýtdy.

Ministr Kaikkonen Ankara guraýan resmi saparynyň çäginde “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýannamasynda Milli goranmak ministri Hulusi Akar bilen geçiren duşuşygynda Ýewropadaky şertler hakynda netijeli pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Hem ministr Akaryň hem-de özüniň Ukrainadaky şertlere alada bildirýändiklerini aýdan Kaikkonen “Gynansagam bu pajygaly söweş gysga möhletde bes ediljege meňzemeýär. Biz söweşiň näçe ir gutarsa şonça gowy boljakdygyny pikir edýäris” diýdi.

Kaikkonen, Akar bilen Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk ýüz tutmasynyň we Türkiýe bilen adybir ýurtlaryň arasynda Madritde gol çekişilen Üçtaraplaýyn ähtnama hakynda-da pikir alyşandyklaryny beýan edip, duşuşygyň netijeli we oňyn geçendigini nygtady.

Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalaryna düşünýändiklerini aýdan Kaikkonen; “Türkiýe Finlýandiýanyň terrorizme garşy göreşmekde ygrarlydygyna ynanyp biler. Ondan şek-şübhe ýok” diýdi.

Ministr Kaikkonen Finlýandiýa NATO agza bolandan soň Russiýa ýüzöwürdijilik maksady bilen alýansyň harby güýçleriniň hem-de taktiki ýadro ýaraglarynyň ýurduna ornaşdyrylmagy hakynda; “Ýadro ýaraglar bilen bagly şeýle diskussiýalara biz açyk we olaryň biziň territoriýamyzda bolmagy bilen ýörite gyzyklanmaýarys. NATO ýadro ýaraglaryny Finlýandiýa ugratmaýar. Ony anyk bilýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar