Moskwada Gipermarketde Bolan Ýangynda 1 Adam Ýogaldy

Bu barasynda Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi beýannama berdi.

1916703
Moskwada Gipermarketde Bolan Ýangynda 1 Adam Ýogaldy

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýannamada Moskwada ýerleşýän gipermarketlerden birinde bolan ýangyn jemi 18 müň inedördül metr meýdana zeper ýetirdi.

Beýannamada ýangyn söndürijileriň tagallasy bilen gözegçilik astyna alynan ýangynda 1 adamyň pida bolandygy habar berilýär.

Ýangyn sebäpli gipermarketiň üçegi çökdi. Waka boýunça derňew işi geçirilýär.



Degişli Habarlar