Hytaýyň Döwlet Ýolbaşçysy Saud Arabystanynda Saparda Bolýar

Saud Arabystanly we hytaýly firmalar dürli ugurlarda 34 şertnama baglaşdy.

1916491
Hytaýyň Döwlet Ýolbaşçysy Saud Arabystanynda Saparda Bolýar

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullugy SPA-nyň berýän habaryna görä, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpiniň ýurda guran saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegi maksady bilen 34 şertnama baglaşyldy.

Şertnamalara goş çekşlik dabarasyna Si Sizinpin bilen Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Halid bin Abdulaziz Al Falih hem gatnaşdy.

Iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalar, energetika, gün energiýasy, tehnalogiýa, logistika, ýaşaýyş jaý we gurluşyk pudagy bilen birlikde birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini maksat edinýär.

Gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Maýa goýum ministri Falih, ady agzalýan şertnamalaryň Saud Arabystanynyň Hytaý bilen edýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýändigini görkezýändigini belledi.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysynyň saparynyň iki ýurduň liderleriniň ykdysadyýetiň we maýa goýumyň başda durmagynda özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin edýän tagallasyny görkezýändigini aýdan Falih, saparyň ykdysady we söwda gatnaşyklary bilen birlikde maýa goýumlaryň artdyrylmagyna itergi berjekdigini ýatlatdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi, döwlet Ýolbaşçysy Sizinpiniň dekabr aýynyň 7-9-y aralygynda Saud Arabystanyna sapar gurajakdygyny mälim edipdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar