Eýrandaky protestler bilen baglanşykly ilkinji ölüm jezasy ýerine ýetirildi

Eýranda ýaş bir zenanyň polisiýa işgärleri tarapyndan saklananyndan we birnäçe wagtdan ýogalmagyndan soň başlan protestler bilen baglanşykly ilkinji ölüm jezasy ýerine ýetirildi

1916463
Eýrandaky protestler bilen baglanşykly ilkinji ölüm jezasy ýerine ýetirildi

Eýranyň Kazyýet ulgamyna degişli Mizan habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, oktýabr aýynda ýurduň paýtagty Tähran şäheriniň Settar Han köçesinde geçirilen protestlerde sowuk ýarag bilen raýatlara hemle atmak we bir howpsuzlyk gullukçysyny ýaralamak bilen aýyplanýan Ynkylap kazyýeti tarapyndan ölüm jezasy berilen Muhsin Şikari atly demonstrant şu gün irden asylyp öldürildi. 

Habarda asylyp öldürilen adamyň ýarag götermek, ýollary ýapmak, ulaglary saklamak, howpsuzlygyň düzgünini bozmak, harby güýçler bilen çaknyşmak, bir howpsuzlyk gullukçysyny ýaralamak, gorky we howp salmak ýaly aksiýalar bilen döwlete garşy söweş yglan etmek ýaly günäkärlemeler bilen 20-nji noýabrda ölüm jezasynyň berilendigi, ondan birnäçe wagt soň Ýokary Kazyýet tarapyndan ölüm jezasynyň tassyklanandygy mälim edildi. 

Muhsin Şikari, Eýranda Mahsa Eminiň ýogalmagy bilen başlan protestler bilen baglanşykly asylyp öldürilen ilkinji demonstrant boldy. 

Ýutrda takmynan 3 aý bäri dowam edýän protestler bilen baglanşykly şu günki güne çenli 11 adama ölüm jezasy berilipdi. Ynkylap Kazyýetleri tarapyndan berilen ölüm jezalarynyň Ýokary Kazyýet tarapyndan tassyklanmagy hökmany. 

Beýleki tarapdan merkezi ofisi Norwegiýada ýerleşýän Eýranyň Adam hukuklary guramasy, Eýranda ýaş bir zenanyň göz tussaglygyna alynmagyndan soň başlan protestler bilen baglanşykly ýogalanlaryň sanynyň 458 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Adam hukuklary guramasynyň internet saýtynda berilen maglumatda, ýogalanlaryň 29-synyň zenanlardan, 63-siniň bolsa 18 ýaşdan kiçi çagalardan ybaratdygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar