ABŞ Türkiýäniň Goranyş Zerurlyklaryny Kanagatlandyrmak Isleýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Ned Praýs, NATO-nyň esasy agzasy Türkiýäniň goranyş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak isleýändiklerini aýtdy.

1916173
ABŞ Türkiýäniň Goranyş Zerurlyklaryny Kanagatlandyrmak Isleýär

Ned Praýs metbugat ýygnagynda Türkiýä F-16 satuwyna girizilmek islenen çäklendiriji şertleriň goranyş býujetini öz içine alýan 2023-nji ýyl üçin Milli goranyş Ygtyýarlandyryş kanunyndan çykarylmagy hakyndaky soraga; “Elbetde Türkiýe NATO-nuň esasy agzasy, möhüm howpsuzlyk ýarany. Goranyş ukybymyzyň utgaşdyrylmagy we Türkiýäniň sezewar bolan howplaryny ortadan aýyrmak üçin gerek bolan şertleri döretmek isleýäris. NATO-nuň beýleki agzalary Türkiýe ýaly terror hüjümlerine sezewar bolmaýar. Şeýlelikde howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzyň biziň üçin uly ähmiýete eýe” diýip, jogap berdi.

Prezident R.T.Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden NATO-nuň iýun aýynda Madritde geçirilen sammitinde geçiren duşuşygynda bu meseläni ara alyp maslahatlaşandyklaryny beýan eden Praýs, aşakky derejelerde-de gepleşikleriň geçirilendigini we ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Kongress bilen bu meselede pikir alyşandygyny aýtdy.


Etiketkalar: #satuw , #F-16 , #Türkiýe , #Ned Praýs

Degişli Habarlar