Ysraýyl, Gadymy Şäheri Gabaw Astyna Aldy

Ysraýyl Nablus şäheriniň Gadymy Şäher etrapçasyny gabaw astyna aldy.

1915653
Ysraýyl, Gadymy Şäheri Gabaw Astyna Aldy

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Nablus şäheriniň Gadymy Şäher etrapçasyny gabaw astyna aldy.

Ýerli güýçleriň berýän maglumatyna görä, Nablus şäherine operasiýa guran Ysraýylyň goşuny, şäherdäki Gadymy Şäher etrapçasyny gabaw astyna aldy.

Etrapçada palestinalylar bilen ysraýylly esgerleriň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi. Etrapçadan ýarag sesleriniň gelendigi nygtaldy.

Palestinada özlerini “Ýolbarslaryň hini” hökmünde atlandyran we Gadymy Şäherde iş alyp barýan topar, düýn Ysraýylyň gurajak hüjümine garşy degişli çäreleriň görlendigini mälim etdi.

Ysraýyl soňky döwürde basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria guraýan operasiýalaryny artdyrdy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Palestina , #Ysraýyl , #gabaw

Degişli Habarlar