Wengriýa ÝB-niň Ukraina bermegi meýilleşdiren kömek bukjasyny weto etdi

ÝB-ne agza 27 ýurduň Maliýe ministrleri Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde maslahat geçirdi

1915799
Wengriýa ÝB-niň Ukraina bermegi meýilleşdiren kömek bukjasyny weto etdi

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Ukraina öňümizdäki ýyl üçin 18 milliard ýewrolyk maliýe kömegini öz düzüminde jemleýän goldaw bukjasy Wengriýa tarapyndan weto edildi. 

ÝB-ne agza 27 ýurduň Maliýe ministrleri Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde jemlenişdi. 

ÝB-niň döwürleýin başlygy Çehiýanyň Maliýe ministri Zbynek Stanžura maslahatyň ahyrynda Ukraina öňümizdäki ýyl üçin 18 milliard ýewro maliýe kömegini öz düzüminde jemleýän goldaw bukjasynyň tassyklanmandygyny habar berdi. 

ÝB-ne agza ýurtlaryň biragyzdan degişli kömek bukjasynyň kabul edilmändigini aýdan Stanžura, Wengriýanyň wetosyny geçýän we 26 agza ýurdyň goldaýan bir çözgüdiň üstünde işlemäge başlandyklaryny mälim etdi. 

ÝB-niň bir bütewi ýagdaýda Ukraina maliýe taýdan goldaw berilmegine we onuň üçin umumy ýagdaýda berilmegine garşy bolan Wengriýa, her bir agzanyň öz mümkinçiliklerine laýyklykda Ukraina goldaw ugratmagynyň gerekdigini öňe sürýär. 



Degişli Habarlar