Ukraina Afrika Ýurtlaryna Galla Kömegini Berýär
Zelenskiý azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän ýurtlara kömek bermäge dowam etjek etjekdiklerini aýdypdy.
1915414

Ukraina, birnäçe wagtdan bäri gurakçylyga garşy göreşýän Gündogar Afrika ýurtlaryna galla kömegini berýär.
BMG-nyň Azyk Maksatnamasyndan garaşsyz ýagdaýda berlen ilkinji gallanyň Jibuta barandygy nygtaldy.
Ýakyn geljekde hem Efiopiýa bilen Somala hem galla kömeginiň beriljekdigi ýatladyldy.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Efiopiýa, Günorta Sudan, Somali, Keniýa we Ýemen ýaly azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän ýurtlara kömek bermäge dowam etjek etjekdiklerini aýdypdy.