Raisi Dolanşyga Garşy Protestlere Üns Berilmelidigini Beýan Etdi

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi ýurduň hökümetine garşy protestlere üns berilmelidigini aýtdy.

1915947
Raisi Dolanşyga Garşy Protestlere Üns Berilmelidigini Beýan Etdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA-nyň” beýan etmegine görä Talyplar güni mynasybetli Tähran uniwersitetinde geçirilen çärä gatnaşan Prezidenti Raisi, ol ýerde talyplara ýüzlenip çykyş etdi.

Ýurtda 3 aýdan bäri dowam edýän Mahsa Amini protestlerinde Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe garşy aýdylan “Ýok bolsun diktator” şygarlaryna reaksiýa bildiren Raisi; “Dikdator diýýärler, kim diktator? ABŞ, Eýranyň güýçli bolmagyny islemez. Olar basyp alan ýurtlary Owganystan, Siriýa we Liwiýa ýaly Eýran isleýärler. Eýran şol ýurtlardan tapawutly. Eýranyň halky ABŞ-nyň şol oýnuny oýnamaga ýol bermez” diýdi.

Protest bilen pitnäniň arasynda tapawudyň bardygyny aýdan Raisi; “Protest oňyn, pitne ýumrujydyr. Protestlere gulak asylmaly” diýdi.

13-nji sentýabrda Paýtagt Tähranda ahlak polisi tarapyndan saklanandan soň hassahanasyna alynyp gidilen 22 ýaşly Mahsa Amininiň 16-njy sentýabrda aradan çykmagy ýurduň hökümetine garşy protestleriň guralmagyna sebäp bolupdy.

Ýurduň ähli şäherlerinde ýaýbaňlanan protestlerde ýüzlerçe adam ýogalypdy, 10 müňden gowrak adam saklanypdy.

Eýranda nebitiň millileşdirilmegi hereketine öňbaşçylyk eden Muhammed Musaddygyň 1953-nji ýylda ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň guran agdarlyşygy bilen iş başyndan çetleşdirilmeginden 4 aý soň ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary Ryçard Nikson ýurdunyň Muhammed Ryza Şany goldaýandygyny görkezmek üçin 1953-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Tährana sapar edipdi.

Şol sapary protest eden Tähran uniwersitetiniň talyplaryndan 3 sanysy polis gullukçylary tarapyndan öldürilipdi.

Şol waka sebäpli Eýranda her ýylyň 7-nji dekabry Talyplar güni hökmünde bellenilip geçilýär.

 



Degişli Habarlar