ABŞ Ukraina Hüjümlerde Goldaw Bermeýändigini Beýan Etdi

ABŞ Ukraina serhetaşa hüjümler guramagy üçin goldaw bermeýandigini beýan etdi.

1915705
ABŞ Ukraina Hüjümlerde Goldaw Bermeýändigini Beýan Etdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Ned Praýs metbugat ýygnagynda Ukrainanyň goşunlaryna Russiýanyň günbataryndaky harby howa bazasyna hüjüm guralmagy bilen bagly soraga beren jogabynda ABŞ-nyň we dünýäniň Ukraina diňe öz territoriýasyny hem-de özygtyýarlylygyny goramagy we özüni Russiýadan goramagy üçin ýarag berýandigini aýtdy.

Praýs; “Ukraina Russiýanyň territoriýasyna hüjüm etmek üçin ýarag bermedik. Olaryň goranyş maksatlydygyny aç-açan beýan etdik. Prezident hem aç-açan beýan etdi. Ukraina serhetaşa hüjümler guramagy üçin goldaw bermerýäris. Ukrainanyň serhetaşa hüjümler guramagyny hem höwelendirmeýäris” diýdi.

Ukrainanyň soňky günlerde Russiýanyň günbatarynda üç harby howa bazasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana alandygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar