“Rus Güýçleri 70 Raketa Atdy”

Zelenskiý rus güýçleriniň ýurduna garşy ýaňadandan raketa hüjümlerini guramaga başlandygyny mälim etdi.

1914994
“Rus Güýçleri 70 Raketa Atdy”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Rus goşunynyň 5-nji dekabrda Ukraina70 raketa atandygyny, raketalaryň esasy böleginiň ukrain güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Zelenskiý düýn gije Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde, rus güýçleriniň ýurduna garşy ýaňadandan raketa hüjümlerini guramaga başlandygyny mälim etdi.

Rus güýçleriniň 5-nji dekabrda 70 raketa bilen Ukraina hüjüm edendigini aýdan Zelenskit, “Rus güýçleri 70 raketa atdy. Raketalaryň bir bölegi X-101 görnüşli. Raketalaryň esasy bölegi hatardan çykaryldy” diýdi.

Hyzmatdaş ýurtlaryň Ukraina beren howa goranyş ulgamlaryndan ýerlikli peýdalanylýandygyny emma ýeterlik bolmandygyna ünsi çeken Zelenskiý, “Gynansakda howa giňişligimizde howpsyzlygy doly ýola goýp bilmedik we rus hüjümleri sebäpli 4 adam ýogaldy” diýdi.

Zelenskiý, rus hüjümleri sebäpli ýurdunda elektrik togynyň kesilendigini belledi.

Rus güýçleri 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar