Indoneziýada 6,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Indoneziýanyň Gündogar Ýawa ştatynda 6,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy
1915204

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimat we geofizika gullugy Gündogar Ýawa ştatynda ýerli wagt bilen sagat 13:07-de 6,2 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny beýan etdi.
Ýeriň 10 km aşagynda emele gelen ýer titreme, Bali adasynda hem duýuldy.
Güýçli ýer titremeden soň sunami howpunyň ýokdygy aýan edildi.
Ýerli resmiler çekilen zyýanyň anyklanmagy bilen bagly işleriň başladylandygyny habar berdiler.
Geçen aý Günbatar Ýawa ştatynyň Çandžur sebitinde 5,6 bal ululygynda ýer titreme bolupdy we 300-den gowrak adam ýogalypdy.
Degişli Habarlar

ABŞ Wagneri Halkara Jenaýat Guramasy Diýip Yglan Etdi
ABŞ rus hakynatutma harby topary “Wagneri” halkara jenaýat guramasy diýip yglan etdi.