Ysraýylly esgerler 1 palestinalyny öldürdiler
Ysraýylyň goşuny basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Beýtüllahim şäherinde ýerleşýän Dehişe çadyr düşelgesinde 1 palestinalyny öldürdi
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Dehişe çadyr düşelgesine garşy operasiýa geçiren Ysraýylyň goşunynyň hakyky ok bilen döşünden od açmagy netijesinde 1 palestinaly raýatyň ýogalandygyny habar berdi.
Şaýatlardan alynan maglumata görä ysraýylly esgerler Günbatar Şerianyň Beýtüllahim şäherinde ýerleşýän Dehişe çadyr düşelgesine garşy operasiýa geçirdi. Ysraýylly esgerler operasiýa nägilelik bildiren palestinalylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz bilen birlikde hakyky we plastik oklar ulandylar. Wakada ysraýylly esgerler tarapyndan hakyky oklaryň ulanylmagy netijesinde döşünden ýaralanan 1 palestinalynyň ýogalandygy mälim edildi.
Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde ýygy-ýygydan öýlere garşy operasiýa geçirýän Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleri biri-birinden tapawutly bahanalar bilen palestinalylary göz tussaglygyna alýar. Ol bolsa sebitde dartgynlyklaryň döremegine sebäp bolýar.
Degişli Habarlar
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Gaza Sektorynda ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 79 adam artyp 34 müň 262 adama ýetdi.