Germaniýada pyçakly hüjüm guraldy
Germaniýanyň Augsburg şäheriniň golaýyndaky Illekirhberg etrapçasynda mekdebe barýan 2 gyz çaganyň pyçakly hüjüme sezewar galandygy habar berildi
1914878

Ýerli polisiýa 2 gyz çaganyň mekdebe barýan ýolda pyçakly hüjüme sezewar galandygyny we gyz çagalaryň ikisiniň hem agyr ýaralanandygyny aýan etdi.
Gyz çagalaryň hassahanada bejergi astyna alynandygy mälim edildi.
Polisiýa gullugy hüjümçiniň wakanyň bolan ýeriň golaýyndaky öýleriň birine girendigini, öýe garşy geçirilen operasiýada 3 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny beýan etdi.
Hüjümiň näme sebäpli guralandygy barada entek beýannama berilmedi.
Etrabyň häkimi Markus Haussler elhenç herekete haýran galandyklaryny belläp, maşgalalara goldaw berjekdiklerini mälim etdiler.